Mandarin
Gyş paslynda köp iýilýän miweleriň biri mandarindir. Sitrus miweleriniň bir görnüşi bolan bu miwe hoşboý ysy we işdäni açyjy süýjümtik tagamy bilen tapawutlanýar. Mandariniň dörän ýeri Günorta-Gündogar Aziýa sebiti hasaplanýar. С witaminine baý bolan mandarin terligine iýilmek bilen birlikde, süýjüliklere, işdäaçarlara hem goşulýar, ondan şerbetem taýýarlanylýar. Mandariniň ýukajyk gabygyny aňsatlyk bilen aýryp bolýar. Onuň gabygyndan alynýan efir ýagy süýjüliklere, doňdurma we sakgyja tagam bermek üçin ulanylýar. Adatça, miwesi gyşda ýygnalýan mandarin agajynyň boýy 7,5 metre çenli ýetýär. Baldagy tikenli bu agajyň bir düýbi 70-80 kilograma çenli miwe berýär. Mandarin agajy çalt ösýär. Ilkibaşda «Aptelsin» (hytaý almasy) ady bilen tanalan bu miwä fransuzlar «mandarin» diýip at berýärler. Içi bölek-bölek bu miwaniň turşulygy beýleki sitrus miwelerinden pes bolup, suwly we süýji bolýar. Häzirki wagtda dünýäde her ýyl 38-44 million tonna mandarin hasyly alynýar. Mandarin önümçiliginde Hytaý, Hindistan, Türkiýe, Ispaniýa, Braziliýa we Marokko ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýärler. Biziň ýurdumyzda hem mandarini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek giňden ýola goýlandyr.