Mäş
Daýhanlarymyzyň iş tejribesinde ekin dolanyşygyndan peýdalanmak usuly köp ýyllardan bäri dowam edip gelýär. Bu usulda «aralyk ekin» diýilýän ekinlere möhüm ähmiýet berilýär. Bu ekinler indiki ekişe çenli bolan wagt aralygynda ýetişdirilýär. Şeýle ekinleriň biri-de mäşdir. Mäş aralyk ekin hökmünde iň oňaýly, tiz ýetişýän we ýokary hasylly ekinleriň biridir. Ol howa şertlerine uýgunlaşyp bilijiligi, kesele durnuklylygy, suwa az zerurlyk çekýändigi we ýeri gowy gurplandyrýandygy bilen tapawutlanýar. Ol ekilenden soň 70 günde ýetişýär we hasyl berýär. Onuň köki ýeri gurplandyrýar, şorlaşmanyň öňüni alýar, samany bolsa mallar üçin ýokumly ot-iým hasaplanylýar. Mäşi ekilenden tä ýetişýänçä 2-3 gezek suwarmak ýeterlikdir, şeýle-de ol az idegi talap edýär. Eger mäşli meýdanlary haşal otlardan arassalamak gerek bolaýsa, onda bu işi ekin gowy gol ýazýança geçirmek ýeterlikdir. Şondan soň onuň özi haşal otlaryň ösmegine ýol bermeýär. Bu amatly ekiniň her gektaryndan ortaça 800-1000 kilogram töweregi hasyl almak bolýar. Hatda daýhanyň mäş ýetişdirmekdäki tejribesine we ekilen topragynyň hiline görä, alynjak hasyl şondan-da ýokary bolup biler. Onuň beýleki ekinler bilen utgaşdyrylyp ekilmegi topragyň biodürlüligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem bu ekin jöwza-aýaza çydamly, guraklyga we dürli kesellere garşy durnukly we hasyly guradylandan soň uzak wagtlap saklanyp bilinmek häsiýetine eýedir. Mäşiň dänesinde 30 göterime çenli belok, 1,6 göterim ýag, 40-50 göterim krahmal, 3,1 göterim kletçatka, 4,1 göterim şeker saklanýar. Ol aminokislotalara baý, şeýle hem özünde ençeme witaminleri, kaliý, fosfor, magniý, kalsiý, natriý, demir, sink, marganes, mis, selen ýaly makro we mikroelementleri saklaýar.