
Maşgala bagtynyň başlanýan ojagy
Gözel paýtagtymyza, şeýle hem ähli welaýat merkezlerine bezeg berip oturan “Bagt köşgi” toý mekanlary indi birnäçe wagt bäri halkymyza şatlykly hem buýsançly pursatlary bagyş edip gelýär. Olar belent ahlak däplerimiziň we maşgala ojaklarynyň mukaddesliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan düýpli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertleriniň netijesinde bu binalar ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuş gurup, maşgala döretmekdäki ilkinji ädimleriniň badalga alýan ýeridir. Has takygy, “Bagt köşgi” maşgala bagtynyň başlanýan ojagydyr. Olar täze maşgalalary kemala getirmek bilen bagly milli däp-dessurlarymyzyň we ýörelgelerimiziň rowaçlanmagynyň, bagtyň, abadançylygyň hem-de söýginiň nyşanydyr.
Biz ýaşlarymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza we bu ugurda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.