Jemgyýet
15.12.2023
421
Maşgalam - baş galam
Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramaklarynda geçirilen wagyz-ündew çäresi «Maşgalam - baş galam» diýlip atlandyryldy. Medeniýet işgärleriniň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen wagyz-ündew çäresinde çykyş edenler jemgyýetde maşgalanyň orny, maşgala gymmatlyklary, nesil terbiýesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler, olaryň maşgala abadanlygyny, abatlygyny saklamakda ähmiýeti barada durmuşdan alnan mysallar hem täsirli boldy.