Mawy deňziň baýlygy

Syýahatçylyk
18.01.2024
381

Mawy deňziň baýlygy

Gojaman Hazaryň geografik ýerleşişi, tebigy gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Guşlar göçýän wagty olaryň ýoly deňziň üstünden geçýär. Şonda olaryň aglabasy baý batgalyk ýerlerde we deňze guýýan derýalaryň aýaguçlarynda gyşlamak hem-de höwürtgelemek üçin amatly şertleri tapýarlar. Her ýyl Hazaryň türkmen kenarynda, Ogurjaly adasynda, şol sanda Hazar deňzinde döredilen emeli adada guşlaryň müňlerçesi gyşlaýar we höwürtgeleýär.

Gojaman deňizde bekre, tirana, takgaz, azatmahy, kutum, kepir, garabalyk, töp, çüýbalyk, lakga, gyzyl ýüzgüçli balyk, zagara, ak amur, tüňňümaňlaý ýaly balyklaryň 140-dan gowrak görnüşi bar. Ýer ýüzi boýunça bekre balygynyň 90 göteriminiň Hazar deňzindedigini bilermenler nygtaýarlar.

Hazar deňzinde suwotularyň 87 görnüşi ösýär. Ýer şarynda başga hiç bir ýerde duşmaýan endemik görnüşler onuň biodürlüliginiň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Häzir 2003-nji ýyldaky Tähran konwensiýasyna laýyklykda, kenarýaka döwletleri Hazar deňziniň we onuň töwereginiň biodürlüligini gorap saklamakda, dikeltmekde möhüm işleri alyp barýarlar. Bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler örän guwandyryjydyr.

Bu gün diňe bir Hazar deňzinde däl, eýsem, ýurdumyzyň içki suw howdanlarynda, köllerinde hem balykçylygy ösdürmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölünde häzirki wagtda balyklaryň 20-ä golaý görnüşiniň bardygyny hünärmenler aýdýarlar.

Täze habarlar