«Mawy ýangyç» sarp edijilere ýetirilýär

Ykdysadyýet
06.06.2023
271

«Mawy ýangyç» sarp edijilere ýetirilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirligi konserniniň önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýär. Bu müdirlik Günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini ýerine ýetirýär.

Müdirligiň bölümlerinde we ülüşlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kämil tilsimatly desgalar, takyk kompýuter ulgamlary netijeli işledilýär. Bu bolsa müdirlige senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmaga şert döredýär.

Kärhananyň özleşdirýän uglewodorod çig malyna baý ojaklarynda önümli guýulara hyzmat etmekde ýüze çykaýjak kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, Çekişler meýdançasynda döredilen bölümde hem netijeli işler amala aşyrylýar. Bu ýerde hereket edýän pes temperaturaly saýlaýjy desgada her gije-gündiziň dowamynda bäş million kub metre barabar gaz taýýarlanylýar. «Keýmir» gazlift kompressor stansiýasynda bolsa nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gaz ýygnalyp, her gije-gündizde üç million kub metre barabar gaz önüm berýän nebitli guýulara gönükdirilýär.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde