«Mawy ýangyjyň» akymy

Ykdysadyýet
27.07.2023
391

«Mawy ýangyjyň» akymy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň çäginde iş alyp barýan önümçilik kärhanalary içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny durnukly artdyrmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanýarlar. Bu babatda çekilýän yhlasly zähmet işiň netijesine oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet konserni tarapyndan şu ýylyň geçen döwründe hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnan tebigy gazyň umumy möçberiniň 2 milliard 298 million kubmetre barabar bolup, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterim ýokarlanmagy muny tassyklaýar. Çykarylan «mawy ýangyjyň» sarp edijilere bökdençsiz ugradylýandygynam bellemek gerek. Gazanylýan iş netijeleri gaz çykaryjylaryň ýeneki üstünlikleriniň binýady bolup durýar.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde