Ykdysadyýet
16.09.2026
69
«Mawy ýangyjyň» möçberi artýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň çäginde iş alyp barýan önümçilik kärhanalary içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny durnukly artdyrýarlar. «Nebitgazçykaryş» tresti boýunça ýylyň başyndan bäri tebigy ojaklardan alnan «mawy ýangyjyň» umumy möçberiniň 3 milliard 283 million kub metrden geçmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, bu baradaky meýilnama 106 göterim amal edildi.