
Medeniýet — dostluk köprüsi
Ajaýyp zamanamyzda medeniýetimiz we sungatymyz uly ösüşlere beslenýär. Halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda döredilen örän baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, dikeltmäge, geljekki nesillerimize ýetirmäge we mundan beýläk-de baýlaşdyrmaga, däp-dessurlarymyzy, ahlak-ruhy ýörelgelerimizi öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň iň oňat däplerini ösdürmäge, halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklaryny dünýä çykarmaga mümkinçilik açýar. Şonuň netijesinde bu günki gün Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar hem-de medeniýet, sungat köprüsini gurup, dost-doganlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny dünýä ýaýýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlar, sergiler, festiwallar ata Watanymyzyň ýeten belent derejesini, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýüzüne aýan edýär.