Medeniýet hem sungat kämillik menzillerinde

Medeniýet
03.04.2025
48

Medeniýet hem sungat kämillik menzillerinde

Gadymylygy, özboluşlylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy, täzeçilligi bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän milli medeniýetimiz we sungatymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere beslenýär. Medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler dünýä nusgalykdyr.

Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, bagşy-sazandalaryň arasyndaky «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik, körpe zehinleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly bäsleşigi we beýlekiler olara gatnaşýanlar üçin sungat älemine ýol açýan hakyky mekdep bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, arasynda hem dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilýändigini bellemek gerek.

Yzygiderli guralýan medeni çäreleriň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeniýetini, sungatyny, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny ähli öwüşgini bilen görkezmäge mümkinçilik berýändigi guwandyryjydyr.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde