Medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň baýramy
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän hepdelik ýurdumyzyň dürli künjeklerden medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini bir ýere jemledi. Hepdelige gatnaşyjylar bu ýerde guralan muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, kitap we neşir önümleriniň sergisini synladylar. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň kaşaň sahnasynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti has-da täsirli boldy. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlarda beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk taryhy senesini toýlaýan Türkmenistan Diýarymyzyň okgunly ösüşleri wasp edildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan soň, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda toý sadakasy berildi. Welaýatda Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleri dowam edýär.