Mekdep bazarlary alyjylaryň hyzmatynda

Ýurduň çäginde
25.08.2025
140

Mekdep bazarlary alyjylaryň hyzmatynda

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň etrap-şäherlerinde hem mekdep bazarlary açyldy. Her gün müşderileri ýetik bolýan bu bazarlarda şu ýyl ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek bagtyýar körpelerden başlap, ýokary synp mekdep okuwçylaryna çenli niýetlenilen harytlaryň bolçulygy göwnüňi göterýär. Depderleriň, suratdyr çyzuw albomlarynyň, gollanmalaryň we beýleki neşir önümleriniň Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynda ýokary hilli öndürilendigini aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzyň dokma önümlerini öndürýän kärhanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň milli mekdep lybaslarynyň, gyzlar üçin ýaşyl köýnekleriniň, akja öňlükleriniň, oglanlar üçin köýnekleriniň, penjekleriniň, jalbarlarynyň, köwüşleriniň hyrydarlary ýetik. Mekdep bazarlary ýurdumyzda täze okuw ýylyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändiginiň özboluşly güwäsidir.