Mekdep bazarlarynda hyrydarly harytlar

Ykdysadyýet
19.08.2023
400

Mekdep bazarlarynda hyrydarly harytlar

Barha golaýlaşýan täze, 2023 — 2024-nji okuw ýylyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmeginiň çäklerinde indi birnäçe gün bäri Balkan welaýatynyň ähli etrap-şäherlerde mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Balkan» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy tarapyndan Balkan welaýatynyň çäginde mekdep bazarlarynyň we göçme söwda nokatlarynyň onlarçasy guraldy. Halka ýokary hilli hyzmat edilýän mekdep bazarlarynda şu ýyl ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek bagtyýar körpelerden başlap, uly ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenilen harytlaryň bolçulygy göwnüňi göterýär. Olaryň ählisiniň diýen ýaly ýurdumyzda öndürilen milli öwüşginli, ýokary hilli okuw esbaplarydyr egin-eşikleridigini, aýakgaplardygyny bellemek gerek. Mekdep bazaryna barýan alyjylaryň bada-bat ünsüni özüne çekýän okuwçylar üçin depderleriň, suratdyr çyzuw esbaplarynyň, ýaşlaryň sowatlylygyny artdyrmaga niýetlenilen gollanmalaryň we beýleki neşir önümleriniň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hil derejesinde öndürilendigini hem aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzyň dokma we tikin kärhanalarynyň nah egin-eşikleriniň, mekdep lybaslarynyň, telekeçileriň mekdep okuwçylaryna niýetläp taýýarlan dürli önümleriniň hyrydarlary hem ýetik.

  • “Balkan” döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň işgärleri mekdep bazarlarynyň guramaçylykly geçmegi üçin irgözinden taýýarlyk gördüler.

Biz önüm öndüriji telekeçiler bilen hem ýygy aragatnaşykda bolup, sazlaşykly iş alyp barýarys. Mekdep bazarlaryndaky gyzjagazlar üçin ýaşyl köýnekler, akja öňlükler, oglanjyklar üçin köýnekler, penjekler, jalbarlar şeýle-de gyzlaryň zähmet sapagynda işlemekleri üçin ýaglyklar, halatlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümleridir - diýip, “Balkan” döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň harytçysy Garaja Bugraýew gürrüň berdi.