Mekdep bazarlaryndaky haryt bolçulygy

Jemgyýet
31.08.2026
91

Mekdep bazarlaryndaky haryt bolçulygy

Şu günler ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň etrap-şäherlerinde mekdep bazarlary guralyp, döwletimiz tarapyndan täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görlendiginiň güwäsidir. Mekdep bazarlaryndaky ýokary hilli we elýeter bahalardaky harytlaryň bolçulygy gözleriňi dokundyrýar. Bu ýerlerden her bir ene-ata öz ogul-gyzlary üçin iň döwrebap okuw eşiklerini, aýakgaplary we okuw esbaplaryny satyn alyp bilýär. Dürli galamdyr reňkli kagyzlar, depderler, suratdyr çyzuw esbaplary, ýantorbalar, oglanlardyr gyzlar üçin egin-eşiklerdir aýakgaplar alyjylaryň bada-bat ünsüni özüne çekýär. Depderleriň, gollanmalaryň we beýleki neşir önümleriniň köpüsi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynda ýokary hil derejesinde öndürilipdir. Ýurdumyzyň dokma we tikin kärhanalarynyň öndüren egin-eşikleriniň, telekeçileriň mekdep okuwçylaryna niýetläp taýýarlan dürli önümleriniň hyrydary-da ýetik. Mekdep bazarlaryndaky okuwçy gyzlara niýetlenen, milli türkmen ruhuna kybap gelýän uzyn ýeňli, ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler we olar bilen bilen reňkdeş penjekler, akja öňlükler, zähmet dersinde geýmek üçin niýetlenen lybaslar, milli nagyşlar bilen bejerilen tahýalar, okuw esbaplary we beýleki dürli harytlar alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar.