Mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, «Soňky jaň» dabarasy Balkan welaýatynyň bilim ojaklarynda hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Orta mekdepleri tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna ak pata alýan uçurymlaryň Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ýurdumyzyň berkararlygynyň baş nyşanlarynyň biri bolan Döwlet baýdagymyza ter gül desselerini goýup, oňa tagzym etmekleri Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşykly toýlanýan «Soňky jaň» dabarasyna badalga berdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astynda geçýän esasy dabara welaýat merkezindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde dowam etdi. Onuň açyk diýlip yglan edilmegi bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda ruhubelentlik döretdi. Dabarada çykyş edenler bagtyýar uçurymlara mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine gadam basýan ýollarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Şeýle göwün göteriji arzuwlaryň dowamy soňky jaňyň owazyna ulaşyp, şol pursat uçurymlaryň ak arzuwlarynyň nyşany bolan ak kepderiler, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmanyň bezegine öwrüldi. Dabaranyň dowamynda okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlap, dürli ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlik gazanan uçurymlara Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy. Sungat ussatlarynyň, mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda taryhy tutumlar, paýtagtymyz Aşgabadyň şäheriniň gözellikleri, abadan durmuşymyz wasp edildi. Muzeýe, kitaphana guralan gezelençler uçurymlara ýatda galyjy pursatlary peşgeş berdi. Tanymal sungat ussatlarynyň, mekdep okuwçylarynyň Balkan welaýat kitaphanasynyň öňünde guran aýdym-sazly çykyşlary hem baýramçylyk gününiň täsirli çäreleriniň üstüni ýetirdi.