Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynda Türkmenistanyň finaldaky garşydaşy belli boldy
Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynda Türkmenistanyň finaldaky garşydaşy belli boldandygy barada TURKMENPORTAL.COM saýtynda şeýle bellenilip geçilýär.
Gyrgyzystanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bişkekde dowam edýän Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdy. Ýer eýeleri ýarym finalda Gazagystanyň ýygyndysyny 3:1 (25:23, 25:22, 19:25, 25:16) hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.
Şeýlelikde gyrgyz woleýbolçylary finalda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen baş baýrak üçin göreşerler. Üçünji orun üçin oýun bolsa Gazagystanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçer. Duşuşyklaryň ikisi hem 27-nji iýulda geçiriler. Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýarym finalynda Özbegistanyň ýygyndysyndan rüstem gelipdiler. Duşuşyk 3:0 (25:20, 25:10, 25:15) hasabynda Türkmenistanyň peýdasyna tamamlanypdy.