
Meýilnama artygy bilen
Balkan welaýatynyň Bereket şäherinde gurlup, işe girizilen Ýod önümçiligi kärhanasy döwrüň ýokary talaplaryna hötde gelmekde uly tagallalary edýän kärhanalaryň biridir. Dünýäniň kämil önümçilik enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen kärhanada öndürilýän önümler müşderileriň barha artýan isleglerinden peýdalanýar. Kärhananyň bu ýerde gurulmagy ýurdumyzyň günbatar sebitinde gymmatly çig mal bolan ýoduň uly gorlarynyň jemlenenligi bilen baglanyşyklydyr. Ýeri gelende aýtsak, döwrebap kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş serişdeleriniň bolsa 500 müňüsini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ýod önümçiligi kärhanasynda şu ýylyň geçen döwründe 4 million 466 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi.