Milli alyn şaýlary

Medeniýet
30.01.2026
18

Milli alyn şaýlary

Zergärçilikde milli zenan şaý-seplerine aýratyn ähmiýet berlipdir. Olaryň arasynda zenanlaryň maňlaýa dakynýan şaý-seplerine uly orun degişlidir. Maňlaýlyk, egme, akdyrma ýaly şaý-sepler alyn şaýlara degişidir. Ýüzüne gyzyl çaýylan kümüşden ýasalan, köplenç, üç, bäş, ýedi gaşly bezeg şaýyna maňlaýlyk diýilýär. Egme hem şonuň ýaly ýasy, ýarym aýlaw görnüşli gyzyl çaýylan kümüş şaýydyr. Uly gyzlaryň we ýaş gelinleriň bezeg hökmünde dakynýan uzynly-gysgaly kümüş şelpejiklerinden ybarat alyn şaýy akdyrma diýlip atlandyrylýar. Akdyrma ýasy ýa-da güberçekli şekilli bolýar. Alyn şaýlar milli nagyşlar hem-de hakyk daşlar bilen bezelýär. Gelin-gyzlaryň bagtynyň, alnynyň açyk, işiniň şowly bolmagy arzuw edilip sünnälenip ýasalypdyr.

Täze habarlar