Milli gymmatlygymyza buýsanjyň beýany

Ýurduň çäginde
21.11.2025
15

Milli gymmatlygymyza buýsanjyň beýany

Balkanabat şäherindäki Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezinde aýdym-sazly dabara geçirilip, ol Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlandy. Oňa itşynaslar, edara-kärhanalaryň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam, el işleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, toý gazanlarynda taýýarlanylan milli tagamlar, buýsanjymyz, guwanjymyz bolan alabaý itleriniň gezelençleri baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrdy. Ajaýyp zamanamyzda alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip, nesilden-nesle geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi baradaky söhbetlere dabarada giň orun berildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ata Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, edermen türkmen alabaýyny wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Täze habarlar