Milli küýzegärçilik sungaty

Medeniýet
15.12.2023
943

Milli küýzegärçilik sungaty

Küýzegärlerimiz ir döwürlerden bäri owadan we berk küýzeleri ýasamagy başarypdyrlar. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde küýzelere we küýze böleklerine duş gelindi. Bu bolsa ata-babalarymyzyň durmuşynda ulanan küýze önümleriniň gadymdan gelýän sungatdygyna şaýatlyk edýär. Küýzegärçiligiň esasy üç görnüşi bolup, olaryň birinji görnüşine gadymy, ikinjisine toýundan ýasalýan kiçi göwrümli, üçünji görnüşine täze görnüşdäki bezeg küýzegärçiligi degişli bolup durýar. Häzirki döwürde-de küýzegärler bezeg maksady bilen owadan küýzeleri, taraşlanan nepis güldanlary ýasaýarlar.

Gündelik durmuşda ulanmak üçin ata-babalarymyz küýzeleri kiçiräk görnüşde ýasapdyrlar. Ilki küýzeler ýasalanda, ýönekeý görnüşde bolupdyr. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesinden tapylan hum küýzeler bolup, olarda, esasan, ata-babalarymyz arpanyň, bugdaýyň tohumyny saklapdyrlar. IX-XIV asyrlar aralygy Dehistanda senetçilik, hünärmentçilik ösüpdir. Dehistandan tapylan irki küýzeleriň birnäçe görnüşleri bar. Dehistanyň küýzegärleri şol döwürlerde küýzeleri syrçalapdyrlar, ýüzüne guşlaryň, suwlaryň şekillerini çekipdirler. Küýzegärler toýundan şemdanlary hem ýasapdyrlar.