
Milli mirasymyza söýgi-buýsanjyň nyşany
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.
Halkymyzyň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmek, gelin-gyzlarda zenan edebini, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri, ýagny ýüň saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny çykamak ýaly işleri birin-birin ýerine ýetirdiler. Bu işlerde zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Dürli gülleri salmak arkaly boýy 1,5 metre, ini 1 metre deň bolan keçeleri bellenen wagtda ýasamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, keçe nagyşlaryndan söhbet açýan gadymy rowaýatlary, yrymlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirdiler.