
Milli oýunlaryň durmuşdaky ähmiýeti
Ata-babalarymyz müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhynyň dowamynda sagdyn nesilleri kemala getirmek, olaryň ilhalar, giň gözýetimli, ýokary aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin uly aladalary edipdirler. Muňa asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen milli oýunlarymyza nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şol oýunlaryň ählisiniň diýen ýaly gözbaşynda çagalary edep-terbiýeli edip ýetişdirmek bilen birlikde, olarda sagdyn, berk bedenli, gaýduwsyz, hüşgär bolmak ýaly häsiýetleri kemala getirmek baradaky maksat durýandyr. Şeýle oýunlardan «Aşyk», «Çeke-çeke», «Aýterek-Günterek», «Gizlenpeçek», «Akja süňk», «Bäşdaş», «Düzzüm», «Ýaglyga towusmak», «Sadranç» ýaly terbiýeçilik ähmiýetli we paýhas oýunlaryny görkezmek bolar. Bu oýunlaryň aýratynlykda oglanlara we gyzlara degişli görnüşleri hem bolup, mysal üçin, aşyk oýny oglanjyklaryň bedenleriniň çeýe, çakgan, süňkleriniň sagdyn, her bir işde ugurtapyjy hem mergen bolmaklarynda, bäşdaş oýny bolsa gyzjagazlaryň çalasyn, hüşgär bolup ýetişmeklerinde diýseň ähmiýetlidir. Pederlerimiziň öz perzentlerini milli oýunlara çagalykdan uýgunlaşdyrmaklary olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini üpjün edipdir. Milli göreşimizden başlap, «Düzzüm», «Çeke-çeke», «Ýaglyga towusmak» ýaly oýunlaryň üsti bilen çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezipdirler. Hut şeýle çagalardanam ady belli pälwanlar, oýna gatnaşýanlary bir gezek synlanyndan ýüzügiň olaryň haýsyndadygyny anyklap bilýän synçy hem üşükli adamlar kemala gelipdirler. Her bir oýnuň özüne muwapyk düzgünleri çagalarda kanagatlylygy, ugurtapyjylygy, kada-düzgünlerden çykmazlyk, edep-ekramlylyk, her bir pursatda öz gezegiňe, ýagny nobatyňa garaşmaga sabyrlylyk ýaly häsiýetleri terbiýeläpdir. Bu häsiýetleriň her bir ynsana bütin durmuşynyň dowamynda iň gerekli aýratynlyklar bolup durýandygy bolsa hemmämize düşnüklidir.