Milli saç bezegleri

Medeniýet
07.01.2025
150

Milli saç bezegleri

Zergärlerimiz zenanlaryň saçlaryna dakylýan şaý-seplere aýratyn yhlas siňdiripdiler. Olary kämillik derejesine ýetiripdirler. Saç bezegleri ýasalanda, altyn, kümüş, gymmatbahaly daşlar ulanylypdyr. Saçlyk, saçmonjuk, aragerbi, saçujy we beýleki şaý-sepler zenanlaryň saçlaryna dakylýan bezeg şaýlarydyr. Saçyň üsti bilen goýberilýän, ujy şelpeli ýa-da düwmeli, gaşly, gyzyl çaýylan, köplenç, kerpiç-kerpiç, bölekleri biri-birine halkajyklar bilen birleşdirilen bezeg şaýa saçlyk diýilýär. Saçmonjuk iki setir edilip düzülen, arasy gulply, gyranly, saçyň aralaryny çatmak üçin dakylýan bezeg şaýydyr. Onuň düzüminde dürli reňkli monjuklar bolýar. Aýallaryň  arka atýan saçlarynyň öňe düşüp durmazlygy üçin iki örümi birikdirýän, ýüzi gyzylly, hakyk, pöwrize ýaly gaşly, “üzülmez” nagşy bilen bezelen gulply gyranlaryň ýa-da asyk, üçburç, dörtburç, goçbuýnuz görnüşli owunjak kümüş şaýlaryň düzümi aragerbi diýlip atlandyrylýar. Saçujy bolsa saçyň ujuna dakylýan düwmeli ýa-da şelpeli bezeg şaýydyr.