
Milli terbiýäniň gözbaşy
Welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän toý-ýas adatlaryny, asylly-däplerini mynasyp dowam etdirmek, halkymyzyň milli ahlak kadalaryny gorap saklamagy giňden wagyz etmek maksady bilen, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň we talyplaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň we kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda geçirilen çärede çykyşlara giň orun berildi. Halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň, adatlarynyň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetiniň örän uludygy, watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, edermenlik, zähmetsöýerlik ýaly ruhy dünýämiziň iň naýbaşy gymmatlyklary jemlenen edebi mirasymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli terbiýäniň gözbaşydygy, watançylyk terbiýesiniň ýaş nesillerde geçmişimize, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeniýetine, bereketli topragymyza, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza buýsanç duýgusyny emele getirýändigi edilen çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi.