
Millilik — nesil terbiýesiniň özeni
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ajaýyp zamanada ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, milli gymmatlyklarymyza, taryhy ýadygärliklerimize hormat goýmaklaryny gazanmak maksady bilen, «Millilik — nesil terbiýesiniň özeni» ady bilen gezelenç çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bilim, ylym, edep-terbiýe bermek bilen bir hatarda, olary millilige, pederlerimizden miras galan medeni gymmatlyklarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemegiň möhüm ähmiýete eýedigini gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda ýaşlara bilim, ylym, edep-terbiýe bermekde pederlerimizden miras galan el işlerimizi, dürli hünärleri öwretmäge, milliligimize, däp-dessurlarymyza hormat-sarpa goýmaga ajaýyp şertleriň, giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada hem buýsanç bilen aýdyldy.