Mirasa sarpaly döwür
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Mirasa sarpamyz has beýgelder bizi, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäher medeniýet merkezleriniň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ussatlyklaryny artdyrmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek bäsleşigiň esasy maksady boldy. Toparlar berlen şertler esasynda milli tanslary ýerine ýetirdiler. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän dessurlarymyz esasynda keşde çekmek, alaja örmek ýaly işler boýunça ümeçilik däplerini ýerine ýetirdiler.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.