Mis käse

Taryh
19.08.2024
9

Mis käse

“Suw damjasy - altyn dänesi” diýen pähimi döreden halkymyz suwy hemişe tygşytly ulanyp gelipdir. Şol esasdan, suw daşamak we suw saklamak, suw içmek üçin niýetlenen suw gaplary hem ir döwürlerden bäri halkymyzda giňden ulanylypdyr. Şeýle suw gaplarynyň agramly bölegi misden ýasalyp, olaryň dürli görnüşlerini Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Etnografiýa” bölüminde synlamak bolýar.

Muzeýde saklanylýan mis suw gaplarynyň biri-de käselerdir. Daşlary ezberlik bilen haşamlanyp nagyşlanan mis käseler gündelik çaýdyr beýleki suwuk önümleri içmek üçin halkymyzda ir döwürlerden bäri giňden ulanylypdyr. Muzeýde şeýle mis käseleriň XIX asyra degişli görnüşleri bar.