
Medeniýet
16.05.2024
256
Mis kündük
Türkmen hojalyklarynda gadymy döwürlerden bäri peýdalanylyp gelinýän mis suw gaplarynyň biri kündükler bolup, olar el-ýüz ýuwmak üçin gündelik ulanylypdyr.
Adaty mis kündükler 1,5-2 litr töweregi möçberinde suw saklamaga ukyply bolup, olaryň sapy bolmaýar. Şeýle kündükleriň bokurdagyndan we jüründiginden tutup, ýaş oglanlar ýaşulularyň ellerine hormat bilen suw akydypdyrlar. Türkmençilikde ele suw akytmagyň sogaby uly hasaplanypdyr. Ol kündükleriň göwresi tegelegräk bolup, armyt şekilinde güberçek görnüşde nagyşlanypdyr.
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde şeýle mis kündükleriň XX asyryň başlaryna ulanylan görnüşi saklanylyp, ol köpleriň ünsüni özüne çekýär..