
Mis semawar
Adamzat taryhy alymlar tarapyndan daş asyr, demir asyr, mis asyr, bürünç asyr ýaly döwürlere bölünendir. Adamlar ilkibaşda daşdan we agaçdan ýasalan gap-çanaklary öz hojalyklarynda ulanypdyrlar. Soň durmuşda mis we demir metallarynyň özleşdirilmegi bilen hojalykda gerek bolan dürli esbaplar ýasalypdyr. Esasanam, mis işlemäge ýeňil we çemli metal bolupdyr. Mis gazanlar, jamlar bilen bir hatarda, suw daşamak we suw saklamak üçin niýetlenen mis suw gaplary hem durmuşda giňden peýdalanylypdyr. Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Etnografiýa” bölüminde hem şeýle mis suw gaplarynyň ençeme görnüşi bar.
Türkmen hojalyklarynda suw gaýnatmak üçin giňden peýdalanylan esbaplaryň biri-de semawardyr. Tüňçedir taňkadan tapawutly semawarlar suw guýlup, onuň içinden ot geçirilip gaýnadylypdyr. Agzalan muzeýde şeýle semawarlaryň XX asyryň başlarynda ulanylan görnüşleri bar.