
Mis taňka
Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň öz hojalyklarynda giňden ulanan mis suw gaplarynyň ençeme görnüşi bolup, şolaryň birem mis taňkalardyr. Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Etnografiýa” bölüminde saklanýan mis taňkalar geçen asyryň başlaryna we ortalaryna degişli bolup, olar çaý gaýnatmak üçin ulanylan esbapdyr.
Taňkany çopanlar öri meýdanlara mal bakmak üçin gidenlerinde ýanlarynda göteripdirler. Ot ýakylyp, oduň çawlaýan tarapynda suwly taňkany gaýnatmak üçin goýupdyrlar. Gaýnan suwly taňkany otdan çykarmak üçin sazak ýada ýylgyn agajyny taňkanyň sapyna atanak şekilinde salyp, otdan emaý bilen çykarypdyrlar.
Umuman, mis taňkalar gündelik durmuşda örän ähmiýetli bolupdyr.