Mizemezdir dost-doganlyk

Medeniýet
06.12.2025
48

Mizemezdir dost-doganlyk

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasy geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň medeniýet ulgamynyň wekilleri teatryň öňünde düz-çörek, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandy. Dabara gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler. Dabarada buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Onda çykyş edenler türkmen-gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary we onuň häzirki döwürde döredýän döwrebap mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu medeni çäräniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini uly buýsanç bilen bellediler. Medeni çäre türkmen we gazak sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Joşgunly çykyşlarda iki halkyň mizemez dostlugynyň, barha  ösýän türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi. Türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda hem geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň ykdysady we medeni ösüşlerine bagyşlanan sergi hem guraldy. Şatlyk-şowhuna, egsilmez buýsanja eýe bolan dabara «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet