
Möhüm gurluşyk serişdesi öndürilýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Balkan sement zawodynda sement önümçiligi üznüksiz ýola goýlup, önüm sarp edijilere yzygiderli ugradylýar.
Uly Balkan dagynyň alkymynda özbaşdak şäherçesini ýada salyp oturan sement zawodynyň çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, sement degirmeninde işleriň ähli tapgyrlary doly awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär. Awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümlerindäki işleriň dolandyryş merkezinden kompýuterler arkaly sazlaşykly ýola goýulmagy sementiň bökdençsiz önümçiligini üpjün edýär. Kärhanada bu möhüm gurluşyk serişdesini öndürmegi ygtybarly ýola goýmak üçin zerur bolan çig mallaryň welaýatymyzyň çäklerinden alynýandygy, kuwwatly kärhana üçin zerur bolan dag magdan känleriniň kärhananyň golaýynda ýerleşýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi häzirki zaman kärhanasynda öndürilýän gurluşyk serişdesiniň özüne düşýän gymmatyny durnukly aşaklatmaga, onuň hilini dünýä hil ülňüleriniň derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär.