Ýurduň çäginde
07.09.2026
66
Möjek
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde diýen ýaly duş gelýän ýyrtyjylaryň biri bolan möjegiň uzynlygy, guýrugyny hasaba almazdan, 160 santimetre, guýrugynyň uzynlygy 52 santimetre, agramy bolsa 50-90 kilograma ýetip bilýär. Möjek sürüsine, esasan, erkek, seýrek halatlarda urkaçy möjekler baş bolýarlar. Möjekler sagatda 65 kilometr tizlik bilen ylgap, 5 metre çenli uzynlygyna bökmäge ukyplydyrlar. Olar öz awynyň yzyndan galman, ony birnäçe sagatlap yzarlap bilýärler. Halkymyzda «gurt», «böri» diýlip hem atlandyrylýan möjeklere çydamlylyk, ugurtapyjylyk, mertlik mahsus bolup, olar tebigatda özlerinden güýçli hem uly jandarlar bilen başa-baş söwşe girişip bilýän seýrek haýwanlardyr.