Möwsümiň başlanmagyna bagyşlanan dabara

Jemgyýet
02.06.2026
106

Möwsümiň başlanmagyna bagyşlanan dabara

Balkan welaýat häkimliginiň, Balkan welaýat Baş bilim we medeniýet müdirlikleriniň Balkan welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada geçiren dabarasy çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagyna bagyşlandy. Oňa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Arzuw», «Daýanç», «Balkan», Gyzylarbat şäherindäki «Dürdäne», Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga barýan çagalar gatnaşdylar. Bu ýerde zehinli körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden-belent ýaňlandy. Soňra çagalar Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, ol ýerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bezelen awtobuslar bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine tarap ýola düşen bagtyýar nesiller ýolugra gözel binalary, ajaýyp tebigaty ruhy lezzet almak bilen synladylar. Ýaş nesiller çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem aýdym-saz, uly şowhun bilen garşylandylar. Şirin owazly aýdym-sazlarda, okalan goşgularda döwrümiziň, döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, bagtyýar çagalygyň waspy belentden ýetirildi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde