Möwsümiň nobatdaky çapyşyklary
Balkan atçylyk-sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky çapyşyklary geçirildi. Ilkinji at çapyşygy 1200 metr aralyga guralyp, onda üçýaşar atlar öz ýyndamlyklaryny görkezdiler. Dagdan atly dor at turuwbaşdan ýaryşyň öňüni çekip, öz janköýerleriniň ynamyny ödedi. T.Tulegenowyň hojalygyna degişli bolan bu bedewe ýaş çapyksuwar O.Mämmetnurow ussatlyk bilen erk etdi. Ikinji çapyşyk hem üçýaşar bedewleriň arasynda geçirildi. Bu çapyşykda S.Maýjanowyň çapan, S.Geldiýewiň hojalygyna degişli Şazada atly dor at öňdeligi hiç bir ata bermedi. Üçünji çapyşyk dört we ulyýaşar atlar üçin 1800 metr aralyga geçirildi. Gamyşgulak bedewleriň bu çapyşygynda çapyksuwar S.Ýoldaşowyň erk eden Sylap atly al aty pellehana birinji bolup gelmek bilen, öz eýesi A.Orazowyň şatlygyna şatlyk goşdy. Dördünji çapyşyk dört we ulyýaşar atlar üçin 1800 metr aralyga geçirilip, onda S.Taýlyýewiň çapan Dagarman atly gara aty birinji orun üçin goýlan baýragy alyp, öz eýesi R.Akmämmedowa buýsançly pursatlary peşgeş berdi. Bäşinji çapyşykda hem dört we ulyýaşar bedewler 1800 metr aralykda ýyndamlyklaryny görkezdiler. Bu ýaryşda O.Mämmetnurowyň çapan, T.Tulegenowyň hojalygyna degişli Kiçidag atly dor at birinji orny eýeledi. At çapyşyklarynda pellehana ilkinji bolup gelen ýüwrük bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna sowgatlar gowşuryldy.