Mukaddes duzuň mekany

Ykdysadyýet
14.01.2023
440

Mukaddes duzuň mekany

«Guwlyduz» kärhanasynda ýodlaşdyrylan nahar duzy, ykdysadyýetimiziň dürli önümçilik pudaklarynda giňden peýdalanylýan önümçilik maksatly duz öndürilýär. Öndürilýän önümleriň hil derejesini yzygiderli gowulandyrýan kärhanada geçen ýylda senagat taýdan gaýtadan işlenilmäge degişli duzuň 96 müň 480 tonnasy taýýarlanyp, meýilnama 103,7 göterim ýerine ýetirildi. Öndürilen däneli duzuň umumy mukdary 85 müň 760 tonna deň boldy. Kärhana tarapyndan umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi 31 müň 432 tonna golaýlady. Şeýlelikde, nahar duzy meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 11 müň 430 tonnadan gowrak köp öndürildi.

Kärhananyň işçi-gullukçylary häzirki döwürde iş depgini birjik-de gowşatman zähmet çekýärler.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde