Mukaddesliklere buýsanjyň beýany

Medeniýet
19.05.2026
143

Mukaddesliklere buýsanjyň beýany

Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyna Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, talyplar ýygnandylar. Belentden ýaňlanan Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, ýaşyl Tugumyz dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagy okalandan soň, çykyşlara giň gerim berildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, folklor we tans toparlarynyň, talyp ýaşlaryň joşgunly tanslary baýramçylyk dabarasyna gatnaşan adamlaryň ata Watanymyza, merdana hem agzybir halkymyza, bitirilýän beýik işlere, al-asmanda erkana pasyrdaýan ýaşyl Tugumyza bolan buýsançlaryny artdyrdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralary Balkan welaýatynyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Täze habarlar