Muzeý ähmiýetli gymmatlyklar

Taryh
07.01.2026
28

Muzeý ähmiýetli gymmatlyklar

Ýakynda Gyzylarbat etrabynyň Garabogaz obasynyň ýaşaýjysy Ýazgylyç Hudaýberdiýew Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine taryhy gymmatlyklaryň 12-sini tabşyrdy. Olar Ýazgylyjyň enesi Gurbangül Annamämmedowa degişli bolup, üstünden bir asyrdan gowrak wagt geçipdir. Gurbangül daýza zenan lybaslaryny körpe gelni Artykgüle sowgat beripdir. Muzeýe tabşyrylan zatlaryň içinde çäkmen, ýaşyl kürte, keteni matadan tikilen köýnek, gyzyl çyrpy, gyzyl çabyt we düýäniň esbaplary bar. Çäkmeni Gurbangül ene ýanýoldaşy Hudaýberdi aga niýetläp, maýanyň ýüňünden egrip dokapdyr. Çäkmeniň ýeňleriniň we ýanlarynyň jäheklerini haşamlap bezäpdir. Çäkmen örän syk dokalansoň, ýagyn-ýagmyry hem geçirmändir. Ýaşyl kürte keşde nagyşlary bilen çeper bezelipdir, onuň ýeňleri «Goçak» nagşy  bilen haşamlanypdyr. Ýüpekden dokalan keteni matadan tikilen köýnek hem Gurbangül enäniň öz elinden çykypdyr. Gyzyl çyrpy öz döwrüniň zenan lybaslarynyň biri bolup, onuň hem ýerine ýetirilişi, biçüwleri öz täsinligi bilen tapawutlanýar. Gyzyl çabydyň jähekleri dürli nagyşlar bilen bezelipdir. Sag jübüsiniň jäheklerine rysgally we bereketli bolmagy maksat edinilip, birnäçe kümüş şaýylyklar oturdylypdyr. Kejebede gelin getirilende, düýäni bezemek üçin niýetlenen düýebaşlygyň ýokarky bölegine dürli nagyşlar salnypdyr. Nagyşlaryň ýanyna aw guşlarynyň ýelekleri oturdylypdyr. Nagyşlar täze gelen gelniň gyz bäbegi bolsa, onuň eli çeper bolsun, aw guşlarynyň ýelekleri oglan bäbek dünýä inse, mergen awçy bolsun diýlip niýet edilipdir. Düýe malynyň iki gapdalyndan dakylýan düýehalygyň gyralary dürli seçekler bilen bezelipdir.

 

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet