Muzeýe guralan täsirli gezelenç
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup gördi. Ilçiniň halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň şöhratly taryhyndan, däp-dessurlaryndan habar berýän dürli eksponatlara baý bolan medeni ojaga guran gezelenji täsirli we ýatda galyjy pursatlary özünde jemledi. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy tapyndylar myhmanda aýratyn täsirleri galdyrdy. Diplomata şol taryhy tapyndylar hakynda täsin maglumatlara, anyk delillere daýanýan gürrüňler berildi, ol ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň taryhyna degişli özüni gyzyklandyrýan sowallara hem anyk jogaplary aldy.
Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçide ussat suratkeşleriň muzeýde ýerleşdirilen surat eserleri hem uly gyzyklanma döretdi. Ýokary ussatlykda ýerine ýetirilen bu eserlerde bolsa Watanymyzyň gözel künjekleri, täsin tebigaty, şöhratly taryhymyza, häzirki ajaýyp zamanamyza bolan söýgi-buýsanç aýdyň beýanyna eýe bolýar.