Mytara
Her bir halkyň durmuşynda suw içmek üçin peýdalanýan dürli görnüşli gaplary bolup, olaryň her haýsysynyň özboluşly göwrümi we ulanylýan ýerleri bar. Çäýnegiň ilkinji görnüşleriniň biri hasaplanylýan mytara hem şolaryň biridir.Mytara uly göwrümli, tegelek, suw dökmek üçin niýetlenilen jüründikli, ýöne depejiginde gapajygy bolmadyk toýundan ýasalan gapdyr. Onuň uly jüründigi we tutmak üçin niýetlenen ykjam tutawaçlary bolupdyr. Taryhçylaryň, etnograflaryň, mirasy öwrenijileriň bellemeklerine görä, bu gaby türkmenler deriden, teletinden hem taýýarlapdyrlar. Gadymy we orta asyrlarda çäýnekler dürli daş, farfor, toýun, mis we beýleki magdanlardan ýasalypdyr. Bu gap ilat arasynda dürli hoşboý ösümliklerden içgileri, çaýlary, miweli suwlary taýýarlamak hem-de saklamak üçin niýetlenilip, türkmen hojalygynda giňden ýaýrapdyr. Toýundan taýýarlanan mytarany çakyr, suw, çaý, ýag, sirke we beýleki suwuklyklary saklamak üçin peýdalanypdyrlar. Toýundan taýýarlanan gaplar türkmenlerde giňden ýaýrap, beýleki gaplardan tapawutlanypdyr. Bu gapda süýt uzak wagt turşamandyr, suw gyşda ýylylygyny saklapdyr, tomusda sowuk ýagdaýda bolupdyr. Ata Gowşudowyň «Perman» romanynda mytara gabyny türkmenleriň uzak bolmadyk aralyga gidenlerinde düýä daňandygy barada aýdylýar: «...awçy oňa käse hem aňry-bäri zat salýardy. Ine, bu teletin gap onuň ýanjygydy, onuň içinde çakmak daşy, gowy, mis hem ýene şoňa meňzeş zatlar bardy. Ine, bu çelege meňzeş, depesi guýguçly teletin gap bolsa onuň ýanynda suw göterýän mytarasydy». «Teletinden ýörite tikilen suw gabyny — mytarasyny egninden heýkelleýin asypdyr». Mytarany diňe uzak ýere gidýän ýolagçylar däl, derwüşler hem peýdalanypdyrlar. Olar bu gaby «müşek» diýip atlandyrypdyrlar. Ýurdumyzyň çäginde mytaranyň dürli görnüşleri duş gelýär. Onuň käbir görnüşleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň muzeýinde hem saklanýar.