Nar bar gorlary
Nar agajy gyrymsy agaçlar toparyna girip ,ol çyg we gurak subtropiki ýurtlaryň ösümligidir. Ol esasan-da orta Aziýadaky döwletleriň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň dag etegindäki etraplaryň tekizliklerinde giňden ýaýran. Ol Ýewropa ýurtlaryndan Ukrainanyň Gara deňiz töwereklerindäki tekizliklerde, Gruziýanyň Batumu-Suhumy şäherleriniň çäklerindäki tekizliklerden hem-de Ortaýer deňziniň töwereklerindäki Tunis, Liwan, Liwiýa, Siriýa, ýurtlarynda hem giňden ýaýrandyr. Nar ösümligi miwesiniň tagamyna görä 3 topara bölünýär: 1.Süýji miweleri öz düzüminde 0.9% kislota saklaýan 2.Turşy-süýji miweleri düzüminde 0.9-dan 1.8% kislota saklaýan 3.Ýokary turşy miweleri öz düzüminde 1.8% kislota sakalaýan nar miwelerinden şire we dürli içgiler taýýarlanylýar. Nar miweleri düzüminde A,B,S we başga ýokumlary saklap, ol halk lukmançylygynda aşgazan içege näsazlyklaryny bejermekde hem-de sowuklama, gan azlygy keselleriň garşysyna melhem hökmünde Ibn Sina zamanasyndan başlap peýdalanyp gelnen. Nar bezeg baglary hökmünde ýollaryň iki gyrasyna gadym döwürlerden başlap peýdalanylyp gelinýär. Nar ösümliginiň boýy 5-7 m.çenli bolup, aýratyn görnüşleri 12-140С çenli sowuga çydamly, ondan ýokary sowukda ýer üstki böleklerini doly sowuk urmak mümkinçiligi bar. Şonuň üçin nar agajy öz ýaýran ýurtlarynda gyş wagtlary üstleri ýapylyp saklanylýar (haşal, saman otlar we toprak bilen). Nar agajy subtropiki ösümlikleriň içinde köp hasyl bermek ukyby bilen ykdysady tarapdan örän girdejili hasaplanýar. Nar agajynyň aýratyn görnüşleri her bir düýbünden 70 kg. we ondan köpräk hasyl bermek ukybyna eýedir. ”Kazake” görnüşiniň aýratyn miweleriniň agramy 1-2 kg. çenli bolýar. Nar agajynyň baglaryny döretmekligiň esasy çykdaýjylary, olaryň nahallaryny taýýarlap, oturtdyrmaklyga düşýär. Şonuň üçin nar agajynyň nahallaryny nahalhanada çalt usulda taýýarlamaklygy kämilleşdirmek wajyp işleriň biri hasaplanýar. Nar agajyny ýönekeý usulda köpeltmek, nar agajynyň nahallaryny taýýarlamak üçin onuň saýlap seçip alnan görnüşlerini bellige alnyp, sowuk düşmeginden öň onuň düýplerinden ösüp çykan bir ýyllyk ýa-da iki ýyllyk ösüntgilerden, 25-30 sm.uzynlykda gaýçy bilen gyrkylyp taýýarlanylýar. Taýýarlanylan çybyklaryň topraga çümdirilen bölegi gyýa kesilip, 100 sanydan daňylyp ýörite taýýarlanan çukurlara gömlüp goýulýar. Bu usulda çybyklaryň kökletmekde diňe gyýa kesilen ýerdäki böleginde kalius emele gelip, ol ýerden inçejik seçek şekilli kökler peýda bolup, uly kökler çybyklarynyň ýer üstki bölegindäki pyntyklaryň çalt ösmekligini doly üpjün edip bilmeýär. Şonuň üçin olar, haýal ösýär. Eger-de çybyklaryň ýere çümdirilen bölegini byçgy ýa-da orak dişleri bilen ýaralap oturtdyrylanda kökler emele gelmek üçin kalius peýda bolmak meýdany birnäçe gezek köpelýär we ol ýerlerden köp mukdardaky kökler emele gelip, topragyň ýokarky gatlaklaryndaky suwda erän mineral we organiki dökünleriniň iýmitlendirmek mümkunçiligini ýokarlandyrýar. Şu sebäpli pyntyklardan ösýän ösüntgiler çalt ösüp, birinji ýylyň özünde 0.70-1.20sm .çenli boý alyp, standart görnüşe gelen nahallar hökmünde ýetişmek mümkinçiligine eýe bolýar. Bu usulda nar nahallaryny köpeltdirmek ykdysady tarapdan örän girdejilidir. Magtymguly ylmy-öşnümçilik synag merkezi Türkmenistanda Günorta miweli subtropiki nar gorlarynyň dürli görnüşleri saklanan ýeke-täk ylmy –önümçilik synag merkezidir. Merkezde ýygnalan nar ösümlikleriniň görnüş toplumlarynyň orta Aziýada iň uly nar kolleksiýalarynyň biridir. Ýerli şertlerde olaryň biologiki we hojalyk aýratynlyklary öwrenilip, has ähmiýetleri ýurdumyzyň miweçilik hojalyklarynda önümçilige we täze seçgi görnüşlerini çykarmak üçin ylmy edaralara hödürlenilýär. Ýylyň başynda ähli baglarda agrotehnikanyň talabyna laýyk gyş işleri geçirildi: Ýagny,ähli baglarda ýarlyklar asmak, suwartmak, hatar aralarynda sürüm işlerini geçirmek, hapa-haşal otlardan arassalamak, düýpleriniň şaýbalaryny giňeldip, ýumşatmak, ýaş ekilen baglary ýerli dökün bilen dökünlemek, ýabany çybyklaryny kesip aýyrmak, şonuň ýaly-da uly baglarda guran şahalary kesip aýyrmak, zyýan berýän mör-möjeklere garşy işler geçirildi. Nar baglary daşky gurşawyň ýaramaz şertlerine çydamly görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak maksadynda naryň “Gyrmyzy gabyk” görnüşi gerekli mukdardaky sanlarynyň çybyklary taýýarlanyp kökletmek üçin oturtdyrylýar.