Narpyz

Ýurduň çäginde
17.09.2025
1077

Narpyz

Hoşboý ysly narpyz dodakgüllüler maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk ösümlikdir. Onuň dünýäde 25 görnüşi bolup, ýurdumyzda 5 görnüşi duş gelýär. Bu ösümlik yzgary, ýagtylygy we mes topragy halaýar. Ir döwürlerden bäri hemmä belli bolan dermanlyk ösümlik işdä näsazlygynda, aşgazanyň gowşaklygynda, sarygetirmede, ýürekbulanmada köşeşdiriji serişde hökmünde ulanylýar. Onuň peýdaly we dermanlyk häsiýetleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Narpyzdan taýýarlaýan melhem çaýdyr işdäaçarlar  hoşboý ysly bolup, göwnüňe rahatlyk berýär.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde