Sport
17.12.2024
777
“Nebitçi” toparynyň täze binasy
Hepdäniň çarşenbe güni Balkan welaýatynyň merkezi şäheriniň sport durmuşynda ýatda galyjy wakalaryň biri bolup geçdi. Ýetip gelýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” futbol toparynyň durky täzelenen edara binasynyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýerli futbol hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzüminiň hem gatnaşmagynda bolan dabarada “Nebitçi” futbol toparynyň agzalary täze binanyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlanyldy we olara üstünlikler arzuw edildi.