
Nebitçiler üçin täze tehnikalar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine ýöriteleşdirilen kuwwatly göteriji tehnikalar gelip gowuşdy. Hytaý Halk Respublikasyndan şertnama esasynda satyn alnan «XJ – 450» hem-de «XJ – 650» kysymly 9 sany göteriji desga, asylly däbe görä, kümüş saçly eneleriň ak un sepmekleri bilen garşylandy. Ýeri gelende aýtsak, döwlet konserniniň degişli önümçilik düzümlerine şu ýylyň başynda şeýle tehnikalaryň 7-si gelip gowşupdy.
Balkanabat şäherindäki Maddy enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň giň howlusynda guralan dabarada täze göteriji desgalaryň önüm bermesini kemelden ýa-da bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy. Dabaradan soň täze göteriji desgalar uglewodorod çig malyna baý ýataklara ugradyldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplarynyň täze kuwwatly göteriji desgalarda önümçilik tejribeliklerini geçmekleri aýratyn ähmiýete eýe boldy.