Nebitçileriň ýardamçylary

Ykdysadyýet
06.06.2023
403

Nebitçileriň ýardamçylary

Uglewodorod çig malyna baý ýataklardan alynýan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberini durnukly artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň esasy wezipesidir. Bu möhüm işiň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş, buraw işleri müdirlikleri bilen bir hatarda, kömekçi kärhanalarydyr beýleki hyzmat ediş gulluklary hem saldamly goşant goşýarlar. Olar gündelik gelip gowuşýan sargytlar arkaly işläp, konserniň önümçilik düzümlerinde bökdençligiň ýüze çykmazlygyny ygtybarly üpjün edýärler.

Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Kärhanada zähmet çekýänler hünärleriň 30-a golaýyna ussatlarça erk edýärler. Olaryň irginsiz tagallalary bilen, awtoulaglaryň, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, önümçilikde ulanylýan desgalaryň we enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak, taýýar demir önümlerini, metal gurluşlary, ulgamlary, dürli göwrümli gaplary, rezin önümlerini öndürmek, çoýun, alýumin, bürünç galyndylaryny eredip, zerur ülňülere laýyk guýmak, hatardan çykan ätiýaçlyk şaýlarydyr dürli enjamlary düýpli abatlap, gaýtadan dikeltmek, dürli kuwwatlykdaky sorujylary abatlamak ýaly juda möhüm işler öz wagtynda oňat hilli berjaý edilýär.

Pudakda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak, heniz peýdalanylmaýan içki mümkinçiliklere aýratyn üns bermek, ylaýta-da, daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda taýýarlamak boýunça wezipeler kärhanada oňyn çözgüdini tapýar. Zawodda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem, dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ornuny tutýan önümleri ýasamak, olaryň hatardan çykanyny gaýtadan dikeltmek ygtybarly ýola goýulýar. Munuň özi konserne, şonuň ýaly-da, kärhananyň sargytçylaryna köp möçberde gyzyl puly tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hil derejesinde taýýarlanýan rezin önümleriniň görnüşi 300-den geçýär.

Kärhana bitirýän işi, taýýarlaýan dürli ätiýaçlyk şaýlary bilen ýurdumyzda geçirilýän halkara derejedäki sergilere-de yzygiderli gatnaşýar.