Nepis sungata sarpanyň nyşany

Medeniýet
22.05.2025
152

Nepis sungata sarpanyň nyşany

 Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde guran aýdym-sazly dabarasy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Dabarada çykyş edenler türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagynyň türkmen halysynyň şöhratyna şöhrat, şanyna şan goşandygyny buýsanç bilen bellediler.

«Arşyň nepisligi — türkmen halysy» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlarynda döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrylýan dünýä nusgalyk beýik işler, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halysynyň şöhraty, ene-mamalarymyzdan miras galan nepis sungaty mynasyp dowam etdirýän halyçy gelin-gyzlarymyzyň waspy belentden ýetirildi.

Çärä gatnaşanlar bu ýerde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň welaýatymyzdaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň  dokan täze, ajaýyp halylarynyň hem-de haly önümleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň sergisine höwes bilen syn etdiler. Ümeçi gelin-gyzlar halylary taýýarlamagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren gazallarydyr läleleri baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Şeýle giň möçberli çäreler Gyzylarbat, Esenguly we Bereket çeper halyçylyk kärhanalarynda hem uludan tutulyp, olarda öňdebaryjy halyçylara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.