Netijeli ykdysady gatnaşyklar

Jemgyýet
28.11.2025
55

Netijeli ykdysady gatnaşyklar

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi üç günläp dowam etdi. Iki doganlyk halkyň arasyndaky köpýyllyk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolan serginiň dowamynda dostlukly ýurduň döwlet we söwda-senagat edaralary, gurluşyk, oba hojalyk, azyk hem-de gaýtadan işleýän we beýleki pudaklarynda, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalary özleriniň dürli işleri bilen tanyşdyrdylar. Munuň özi iki döwletiň işewürleriniň geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmegiň netijeli ugurlaryny kesgitlemäge, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Serginiň ýapylyş dabarasynda şunuň ýaly buýsançly hakykatlar aýratyn nygtaldy. Munuň üçin iki goňşy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Şeýle-de dabarada şowhunly el çarpyşmalar astynda sergä gatnaşyjylara sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet