Nowruz-parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy
Ýurdumyzda toýdur baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Ine, şeýle baýramçylyklaryň biri hem her ýylyň 21-22-nji martynda bellenilýän Milli bahar baýramydyr.
Nowruz baýramy halkara baýramçylyklaryň biri bolmak bilen, musulman ýurtlarynda-Gündogarda uludan bellenilýär. Beýik Magtymguly Pyragynyň:
Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Bijanlar jana gelip, kylarlar awar peýda
diýip, taryplaýşy ýaly, tebigatyň owadan ýaşyl begrese bürenmegi bilen, türkmen ýaýlasynda mal soýlup, dürli tagamlar bişirilip, oguz däpleri berjaý edilipdir. Gadyrly salamlaşmak, hal-ýagdaýlar soraşmak we birek-biregi baýramçylyk bilen gutlamak ýaly salamlaşyk däpleri toýuň ilkinji ýerine ýetirilmeli däbi bolupdyr.
Bu baýramçylykda milli oýunlar, ýagşy däp-dessurlar bilen birlikde yrym-ynançlar hem edilipdir. Nowruz günlerinde baglaryň şahasy öl bolsa, şol ýyl hasylly gelermiş, demirgazykdan şemal össe, şol ýyl salkyn bolarmyş, günortadan össe, yssy bolarmyş diýlip yrym edilse, towuk ýumurtga basanda, ýyldyrym çaksa, howpsuz bolar ýaly ýere pyçak sünjülipdir. Nowruz gijelerinde uly ot ýakylyp, otdan bökülipdir. Çünki şeýle edilse, kalbyňa nur ýagarmyş diýlipdir. Ýaňy bolan çagany rysgal-döwletli bolsun diýlip ýüze sylypdyrlar. Mundan başga-da, bu baýramçylykda adamlar biri-birleri bilen çyndan dogan okaşyp, öýkeliler ýaraşypdyrlar. Nowruz günlerinde dürli-dürli tagamlar, aýratyn-da semene taýýarlamak adat bolupdyr.
Häzirki wagtda asuda ülkämiziň ähli künjeginde Nowruz baýramy toý lybasynda ruhubelentlik bilen bellenilýär. Ähli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär. Ýaşlarymyz dürli milli oýunlaryny oýnap, hiňňilliklerde uçup, toý şagalaňyny artdyrsa, aksakal ýaşulularymyz toý-baýramçylygyň iň hormatly törüni bezemek bilen Beýik Biribardan asudalyk, saglyk we ýere-ýurda rysgal-bereket dileýärler. At çapdyrmak, göreş tutmak we dürli türkmen milli oýunlaryň aýdym-saz bilen utgaşyp gitmekligi baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrýar.
Goý, asmanymyz asuda, ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun! Rysgal-bereketli nowruz türkmen ýaýlasyna bereket getirsin! Nowruz baýramyňyz mübärek bolsun!