Nurana baýramyň şanyna
Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölümi tarapyndan Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly çärä dürli kärlerde döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýän gelin-gyzlar we mährem eneler gatnaşdylar.
Häzirki döwürde zenanlar çäksiz hormat-sarpanyň eýeleri bolup, olara ygtybarly zähmet we durmuş şertlerini döretmek, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Zenanlaryň hukuklaryny goramak üçin hemmetaraplaýyn alada edilýär. Her ýyl ençeme enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakylýar, «Zenan kalby» ordeni zenanlaryň döşüni bezeýär. Olar ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen, baýramçylyk gutlaglary biri-birine ulaşan çärede aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly çykyşlara hem giň orun berildi. Aýdym-saz, tans, hor toparlarynyň şowhunly çykyşlary we wäşileriň görkezen gysgajyk sahnalary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.