Nurana ertirleriň güwäsi
Mähriban Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyň dabaralanýandygynyň aýdyň alamatydyr.
Güneşli ülkämizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylyşa girizilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, täze obalardyr şäherçeler muňa doly şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmak, onuň halkara abraý-mertebesini öňküdenem belende götermek, halkymyzy has bolelin, asuda, abadan durmuşda ýaşatmak üçin amala aşyrylýan işler bizi begendirýär, guwandyrýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler hakda giňişleýin gürrüň etdi, dürli pudaklarda ýerine ýetirilmeli işlere ünsi çekdi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyz agzybirligi, asudalygy, jebisligi ýaran edinip, ulyüstünlikleri gazandy. Geljek ýyllarda-da Watanymyzyň abraýyny has-da arşa göterjek işler amala aşyrylar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütler ýurdumyzyňraýatlarynyň bagtyýar şu gününiňwe röwşen ertiriniň güwäsidir.